milli goshun logo
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
«Çalsana, bagşy!» döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
15 sagat öň 8 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döredijilik bäsleşigine 18 — 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň güwäsidir. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna orun berildi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Çalsana, bagşy!» aýdymy dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birine öwrüldi.

Soňra bäsleşigiň ikinji bölüminde türkmen halk aýdymlary ýerine ýetirildi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Parahatçylyk aýdymy» atly aýdymy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän dost-doganlyk syýasatyna, halkymyzyň abadan durmuşy, milli medeniýetimiziň dünýäde wagyz edilmegi ugrunda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalaryna belent buýsanjyň senasy bolup ýaňlandy.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.