Çagyryş boýunça
harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden,
beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we
Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Çagyryş boýunça
harby gullugy geçýän, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň
Kanunynda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2026-njy ýylyň
aprel — iýun aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki
goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş gününe
çenli 18 ýaşy dolan, harby gulluga çagyryşdan boşamak ýa-da harby gulluga
çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek
raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren,
ýaşy 27-ä çenli bolan Türkmenistanyň erkek raýatlaryny 2026-njy ýylyň aprel —
iýun aýlarynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman resmi
çap edilen gününden herekete girýär.
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat
şäheri, 2026-njy ýylyň 16-njy marty.
***
Çagyryş boýunça harby
gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki
goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň
raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2026-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 676-njy belgili Permanyny
ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, goranmak ministrine, içeri işler ministrine, milli
howpsuzlyk ministrine, Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň
Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Döwlet migrasiýa gullugynyň
başlygyna “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bellenen
möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy
meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we
jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek
tabşyryldy.