Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk»
Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Arkadag Medisina Klasteri»
toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin»
atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň
hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän
diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.
...Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag
şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan
Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygy barada şekil
taslamalarynyň üsti bilen maglumat berdi.
Soňra O.Atabaýewa bu ýerde kärhana tarapyndan öndürilmegi
meýilleşdirilýän täze önümler barada maglumat berildi. Gaznanyň wise-prezidenti
Oguljahan Atabaýewa öndürilýän önümleriň ýokary hil derejesiniň ähmiýeti barada
aýdyp, bu önümleriň çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerinde möhüm
goşandynyň bardygyny belledi.
Soňra şu ýylyň 21 — 23-nji awgustynda paýtagtymyzda geçiriljek «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynda Arkadag lukmançylyk klasteriniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini giňden tanyşdyrmak maksady bilen birnäçe teklipler beýan edildi.