Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze
ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara Watanymyzyň geljegi
bolan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
hemmetaraplaýyn aladalary bilen gurşalan bagtyýar çagalar gatnaşdylar. Dabara
Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň şadyýan çagyryşlary
bilen başlandy.
Häzirki döwürde bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar
edilen ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli
bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde alada edilýär. Bu bolsa
halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden döwletlilik ýörelgeleriniň ählumumy
abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine yzygiderli dowam etdirilýändigini
alamatlandyrýar. Şu günki belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar bilen
utgaşyklylykda dowam eden dabara hem ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşine,
olaryň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklaryna gönükdirilen işleriň
netijesi hökmünde kabul edildi.
Çagalaryň Aýazbaba we Garpamyk bilen bilelikdäki şatlykly
çykyşlary, joşgunly tanslary bu ýerde guralan baýramçylyk çäresine özboluşly
bezeg berdi. Çagalary goldamak we höweslendirmek, olary nurana geljegi
nazarlaýan ýagşy işlere ugrukdyrmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir.
Häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn goldamak, şanly
seneler we baýramçylyklar mynasybetli çagalara toý sowgatlaryny gowşurmak
asylly däbe öwrüldi. Munuň özi bagtyýar zamanada halkymyzyň köpasyrlyk
däplerine eýerilip, haýyr işleriň dowamata atarylýandygyny görkezýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan umumy
abadançylygyň bähbidine ägirt uly işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň oňyn
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, giň halkara hyzmatdaşlyk
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty halkara giňişlikde ykrar edilýär. Ösüp
gelýän ýaş nesiller baradaky alada bolsa şol syýasatyň özenini düzýär.
Ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni
hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli
12-nji dekabrda geçirilen çäreler ýatda galyjy wakalara beslendi. Şu günler
bolsa täze ýyly mynasyp garşylamaga gönükdirilen çäreler dowam edýär. Şunda
çagalaryň ukyplaryny açyp görkezmek, olary täze ugurlara höweslendirmek
meselelerine döwlet derejesinde möhüm üns berilýär. Bu bolsa olary täze
üstünliklere ruhlandyrýar.
Maslahat köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli
geçirilen dabara oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda
parahatçylyk we rowaçlyk baradaky päk arzuwlara uly orun berildi. Dabara
gatnaşan ene-atalar ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi
babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş
dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow
hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan ähli çagalary Täze
ýyl baýramçylygy bilen gutlady we olara okuwlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Bitarap Watanymyzyň çagalaryň sazlaşykly ösüşine
gönükdirilen döwlet syýasatynda halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwer
ýörelgeleri hem-de parasatly ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bu
bolsa ýurdumyzda haýyr işleriň dowamat-dowam bolmagyny şertlendirýär. Häzirki
döwürde maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça
toplumlaýyn çäreleriň ulgamy hereket edýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň mynasyp
terbiýelenmegi, bilim almagy, olaryň wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmekleri
üçin ähli şertler döredilýär. Bu ulgamda Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen netijeli
hyzmatdaşlyk edýär.
Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşan çagalaryň hemmesine
hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň
gowşurylmagy ýakymly pursatlara beslendi. Bagtyýar çagalar sowgatlary uly
buýsanç we çuňňur hoşallyk bilen kabul etdiler. Munuň özi ýurdumyzda çagalar
baradaky aladanyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugurda edilýän
tagallalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işleriň
üstünlikli dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Baýramçylyk mynasybetli
sahawatlylyk bilen sowgatlaryň paýlanylmagy asylly işleriň barha
rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Baýramçylyk sowgatlaryny kabul eden çagalar hoş owazly
aýdymlaryň, goşgularyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.