Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze,
2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri
gatnaşdylar. Täze ýylyň baş gahrymanlary hasaplanýan Aýazbabadyr Garpamyk bu
ýerde guralan dabaranyň esasy myhmanlary boldy. Ol “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan 2026-njy ýyly
mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreleriň
üstüni ýetirdi.
Bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen ýurdumyzda nurana arzuwlar
hasyl bolýar. Şunda ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, olaryň hemmetaraplaýyn
bilim-terbiýeli bolmagy babatdaky alada hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir.
Dabara gatnaşýan çagalar özleri barada döwlet tarapyndan edilýän tagallalar
üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur
hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra olar şatlyk-şowhun bilen Aýazbabadyr
Garpamygy çagyrdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlary Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň
yzygiderli aladalary netijesinde gaznanyň işiniň barha ilerleýändigini
nygtadylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş
dolandyryjysy R.Bazarow çykyş edip, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalary
hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan Täze ýyl baýramy bilen
gutlady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleriň
döredijilik ukybynyň açylmagy ugrunda döwlet derejesinde yzygiderli alada
edilýär. R.Bazarow şadyýan çagalara okuwlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi
hem-de olaryň Watanymyza wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişjekdiklerine ynam
bildirdi.
Soňra baýramçylyk dabaralary “Jahan” döredijilik merkeziniň çagalarynyň
belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Haýyr-sahawat
gaznasynyň goldaw bermegi esasynda merkeziň zehinli çagalarynyň döredijilik
ukyplaryny açmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, gazna ýurdumyzyň
kömege mätäç çagalaryna goldaw bermek, olaryň degişli bejergi almaklaryny ýola
goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegini esasy ugur edinýär.
Munuň özi paýhasly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden asylly
ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň
nyşanydyr. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň tebigy betbagtçylyklar zerarly ejir çeken
çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda bu gaznanyň
tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.
“Jahan” döredijilik merkeziniň çagalarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde
bagtyýar çagalygyň senasyna öwrülen “Aýterek-Günterek” atly aýdymyň ýaňlanmagy
bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu aýdym hemmeleriň
baýramçylyk şatlygyny belende göterdi.
Soňra dabara gatnaşýan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bagtyýar çagalar sowgatlary çuňňur
hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Olar hoş owazly aýdymlarynyň, labyzly
okan goşgularynyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şadyýan baýramçylygyň hormatyna çagalara sahawatlylyk bilen sowgatlaryň
paýlanylmagy asylly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsidir.