milli goshun logo
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
08.08.2025 130 Habarlar

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda halkara maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlaryň hem-de ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleriň netijeleri barada hasabatlar diňlenildi, Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi.

Maslahatyň çäklerinde geçirilen forumlar baradaky hasabatlara aýratyn üns berildi. Mejlise gatnaşyjylar bu forumlaryň döwlet düzümleriniň, hususy pudagyň, ýaşlaryň, parlamentarileriň we raýat jemgyýetiniň arasyndaky dialog üçin netijeli meýdança bolandygyny, maýa goýumlardyr innowasiýalar üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmaga şert döredendigini nygtadylar.

Soňra Awaza syýasy Jarnamasynyň taslamasyna garaldy.

Soňra mejlisiň gün tertibiniň degişli bendine laýyklykda, maslahatyň hasabaty tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar hasabatyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň esasy netijelerini hem-de maslahatlaryny beýan edýändigini, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we raýdaşlygyň ýokary derejesini görkezýändigini tassykladylar.

Mejlisiň jemleýji bölegi maslahatyň ýapylyşyna bagyşlandy. Döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri jemleýji beýannamalarynda çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny bildirdiler.

Awaza syýasy Jarnamasy jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi resmi taýdan ýapyk diýlip yglan edildi. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň milli we ählumumy derejede durmuşa geçirilmeginiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny alamatlandyrdy.