Şu gün «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz
işine başlady.
Birleşen Milletler
Guramasynyň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine
doly laýyk gelýän şu gezekki çäräniň ýurdumyzda geçirilmegi munuň aýdyň
subutnamasydyr.
BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmak üçin meýdança döretmek, DÇBÖBD-iň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy taraplaryň biri hökmünde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, bu döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan tejribäni paýlaşmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek hem-de milli, sebit, dünýä tejribesiniň esasynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin innowasion çözgütler we başlangyçlar, täze pikirler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleri, raýat jemgyýetçiliginden we hususy pudakdan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bu forumyň esasy maksatlarydyr.