Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary
Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen
ýurdumyza geldi.
Belent mertebeli myhman Türkmenbaşy Halkara howa
menzilinde mähirli garşylanyldy. Asylly däbe görä, oňa gül desseleri
gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş
sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda
görýändigine şatdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany howa
menzilinde mähirli garşylap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň
63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly
Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýän
çözgüde öwrülendigini aýtdy.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sazlaşykly ösüş
ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän tutuş adamzat ähmiýetli halkara foruma
gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Häzirki döwrüň möhüm
meselelerini öz içine alýan maslahatyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň
jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň
ösüşine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi
boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we degişli çözgütleri
kabul etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygyndaky
ýokary derejeli forumy guramagyň Türkmenistana bildirilýän ählumumy ynam
hökmünde kabul edilýändigini belledi.
Duşuşykda ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary
ösdürmek, umuman, ulag diplomatiýasy ýaly wajyp meseleleri öz içine alýan
forumyň dowamynda ýurtlaryň sazlaşykly ösüşini kesgitleýän çözgütleriň kabul
ediljekdigine ynam bildirilip, onuň işinde üstünlik arzuw edildi.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany türkmen
topragynda görýändigine şatdygyny belläp, oňa dünýä ähmiýetli forumyň
Türkmenistanda geçirilmegi babatda edilen tagallalar üçin minnetdarlyk
bildirdi.