milli goshun logo
BMG-niň Awaza forumynyň tamamlanmagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy boldy
BMG-niň Awaza forumynyň tamamlanmagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy boldy
08.08.2025 147 Habarlar

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň öz işini tamamlamagy mynasybetli baýdak düşürmek dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we BMG-niň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň wekiliýet ýolbaşçysy — Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň geçirilýän günlerinde Awaza raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň merkezine öwrüldi, bu ýerde geçirilen çärelerde bolsa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy.

Soňra ýokary wekilçilikli maslahatyň jemleýji dabarasynda çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima söz berildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bu forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, Awazanyň DÇBÖBD üçin durnukly ösüşe bolan umydyň we umumy maksada ymtylyşyň nyşanyna öwrülendigini, bu ýerde geçirilen forumyň halkara jemgyýetçiligiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 32-sinde ýaşaýan 600 milliona golaý adamyň abadançylygy ugrundaky tagallalaryny birleşdirendigini nygtady.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, harby orkestr dabara sazyny çalýar. Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklary düşürildi.