milli goshun logo
Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
Bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk
16.04.2025 162 Habarlar

Düýn – 15-nji aprelde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokioda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşdy. Duşuşyga iki ýurduň resmi wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Kýosuke Nagata bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadynyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan goýlandygyny we häzirki wagtda onuň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de munuň üçin döwlet Baştutanymyza we Milli Liderimize hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Sukuba uniwersitetiniň filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory akademiki derejesiniň degişli diplomyny gowşurmak dabarasy boldy.