24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow
Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde
ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny
synlady.
Ýörite meýilnama laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň we
beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da
ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen,
söweşjeň taýýarlyga getirilip, bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşigi
geçirildi. Öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin guryýer goşunlarynyň, harby-howa
güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, harby-deňiz güýçleriniň
harby bölümlerini bellenen tertipde söweşjeň taýýarlyga getirmek barada nobatçy
güýçlere habar berildi. Dessine harby dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy, harby
we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly hereketler ýola goýuldy.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň şahsy düzümi söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini hem-de
ussatlygyny aýdyň beýan etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki harby
okuw-meýdan türgenleşiginiň üstünlikli geçmegi mynasybetli guralan dabaraly
ýörişi synlady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňiz
okuw-türgenleşik merkeziniň çäginde görkezilýän harby söweşjeň tehnikalaryň
dürli görnüşlerini synlady. Şolaryň hatarynda iň täze nusgadaky uçarlar,
uçarmansyz uçarlar we beýlekiler bar.