milli goshun logo
Beýik ynamdan, sylag-serpaýdan paýly ýaşlar
Beýik ynamdan, sylag-serpaýdan paýly ýaşlar
28.12.2023 2607 Harby özgertmeler

Täze eýýama altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günleri ýaşlaryň durmuşynda ýatdagalyjy pursatlary galdyrdy. Ýaşlar bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ynamyny ödäp, agzybir türkmen halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýarlar.

Şu gün – 28-nji dekabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň hem-de şahadatnamanyň, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sowgatlaryň we hormat hatynyň gowşurylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli toplumlarynda ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem ýaşlar ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, eziz Diýarymyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramakda aýratyn tapawutlanan, şeýle hem merdana ata-babalarymyzyň mertlik ýoluny mynasyp dowam edýän edermen ýaş Watan goragçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, harby talyplar, harby okuwçylar hem-de esgerler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşan ynsanlaryň gadyry bilinýär. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sylag-serpaýlaryndan paýly bolýar. Ine, şolaryň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bolmagy hem olara goýulýan hormat-sarpanyň, beýik ynamyň aýdyň ykrarnamasy boldy.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eýe bolan sylag-serpaýlaryňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!