Balkan
welaýatynyň gallaçylary jemi 50 müň gektar ak ekin meýdanlaryndan 80 müň
tonnadan gowrak guşgursak bugdaý hasylyny ýygnap, jogapkärli möwsümde ýurdumyz
boýunça ilkinji bolup arzyly zähmet üstünligini gazandylar.
Sebitiň
toprak-howa şertleri bilen baglylykda, Balkan welaýatynda bugdaý oragyna 11-nji
iýunda girişildi. Möwsümiň dowamynda bar bolan, ýokary iş öndürijilikli 100
çemesi kuwwatly kombaýn, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna
bökdençsiz daşamakda ýük awtoulaglarynyň 500-den gowragy netijeli
peýdalanylýar. Işleriň göwnejaý ýola goýlup, tehnikalaryň saz işledilmeginiň
gazanylmagy balkanly gallaçylary arzyly sepgide ýetirdi. Munuň üçin düzüminde
mehanikler, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite hyzmat ediş toparlarynyň
16-sy gije-gündiziň dowamynda hereketde boldy. Watanymyzyň belent harmanyna
guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmakda welaýatyň Gyzylarbat we Magtymguly
etraplarynyň kärendeçileri has-da göreldeli zähmet çekdiler.
Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynda bugdaý Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda ekilýär. Onuň «Alekseiç», «Bezostaýa — 100» ýaly sortlary ekilip, olardan ýokary hasyl almak ugrunda ähli tagallalar edilýär. Welaýatda bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýylyň-ýylyna ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda berjaý edilmegine sebitiň oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy düzümleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar.