milli goshun logo
Balkanabat Halkara howa menzili açyldy
Balkanabat Halkara howa menzili açyldy
03.05.2025 166 Habarlar

Düýn – 2-nji maýda açylan Balkanabat Halkara howa menzili ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini has-da giňelder, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döreder.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Binada ýolagçylar üçin garaşylýan zallar, petek satylýan kassalar, lukmançylyk, gümrük we migrasiýa hasaba alyş otaglary, internet kafe, sowgatlyk dükan, garbanyşhana, tehniki otaglar we beýlekiler bar.

Täze Balkanabat Halkara howa menziliniň Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy baradaky güwänama gowşuryldy.