milli goshun logo
«Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy açyldy
«Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasy açyldy
23.05.2024 129 Habarlar

Düýn – 22-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze desganyň gurluşygy Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Dost gurluşyk, söwda, önümçilik» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Bu desganyň suw howuzlarynda jemlenýän arassa agyz suwy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna iki ugur boýunça paýlanar. Desgada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyrylan. Bu bolsa işleri ýokary derejede alyp barmaga, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Döwrebap suw arassalaýjy desga birnäçe binalardan we suw saklaýjy howdanlardan ybarat bolup, halkara talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde işlejek 150-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen. Ýeri gelende, Aşgabat şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylandygyny bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde döwrebap suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi, şeýle hem paýtagtymyzyň ilatyna häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.