Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid
Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjan
Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde ykdysady meseleler boýunça
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine
ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler
syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk pudagyndaky wajyp meseleleri
ara alyp maslahatlaşdylar.
Energetika,
ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz
geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we
optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara
garaldy.