Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Ilki bilen, Size mähirli salamymy beýan edýärin. Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy formatyna Azerbaýjanyň
doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly iberen mähirli gutlag hatyňyz
we hoşniýetli sözleriňiz üçin Size çuňňur hoşallygymy bildirýärin.
Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşykda bu
çözgüdiň kabul edilmegine doganlyk Türkmenistanyň beren goldawy üçin örän
hoşaldyryn. Gatnaşyklarymyzyň dost-doganlyk ruhuny ýene bir gezek tassyklaýan
bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat
etjekdigine ynanýaryn. Siziň Azerbaýjanyň uly syýasy abraýa, ykdysady kuwwata
eýe bolan ýurt hökmünde konsultatiw duşuşyk formatyna goşulmagynyň Merkezi
Aziýa sebitiniň dünýä giňişligindäki ornunyň artmagyna itergi berjek taryhy
wakadygy baradaky garaýşyňyza ýokary baha berýärin.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki
tagallalary netijesinde sebitde durnukly ösüşe gönükdirilen köpugurly döwletara
gatnaşyklar emele geldi. Azerbaýjan bu ýurtlar bilen bilelikde strategik
ähmiýete eýe bolan ýeke-täk taryhy-medeni hem-de geosyýasy giňişligi emele
getirýär. Biz sebitleýin, hususan-da, umumy taryhy, dini, medeni kökleri bolan
Merkezi Aziýa döwletleri bilen okgunly ösüşi häsiýetlendirýän hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga hemişe aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz
doganlyk Türkmenistan, şol sanda sebitiň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli
gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça has-da çuňlaşdyrmaga we
diwersifikasiýalaşdyrmaga berk ygrarlydyrys.
Hormatly doganym!
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň iň möhüm meseleleriniň açyk we oňyn
dialog ruhunda ara alnyp maslahatlaşylýan, bilelikdäki dürli taslamalaryň
durmuşa geçirilýän hem-de umumy garaýyşlar emele getirilýän ähmiýetli
meýdançasydyr. Bu hyzmatdaşlyk formatynyň kemala gelmeginde we onuň täze derejä
çykmagynda Türkmenistanyň, hususan-da, Siziň aýratyn hyzmatyňyz bardyr. Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara
hereketleriň çuňlaşdyrylmagyna goşan goşandyňyz, strategik hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmak ugrunda edýän yzygiderli we taýsyz tagallalaryňyz üçin 2023-nji
ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagyňyz
Siziň alyp barýan işleriňize berlen ýokary bahadyr. Siziň bu Hormat nyşany
gowşurylanda eden çykyşyňyzy, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kuwwatynyň
we jebisliginiň ähmiýeti baradaky sözleriňizi hemişe ýatlaýaryn.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary
derejeli döwletara gatnaşyklar hemişe sebitimiziň gülläp ösüşine hyzmat eder.
Iýul aýynda Siziň Azerbaýjana we Garabag sebitine amala aşyran saparyňyz,
oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň
XII sammitine gatnaşmagyňyz, meniň awgust aýynda Türkmenistan — Azerbaýjan —
Özbegistan ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurduňyza amala aşyran
saparym doganlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ösüşine
berýän ünsüňiziň subutnamasydyr.
Siziň başlangyjyňyz bilen Fizuli şäherinde düýbi tutulan
metjit halklarymyzyň doganlygynyň we raýdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Bu başlangyjyňyz hem sebitiň ýaşaýjylary, tutuş azerbaýjan halky tarapyndan
çuňňur buýsanç we minnetdarlyk duýgulary bilen garşylanyldy.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Pursatdan peýdalanyp, 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa
döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň başlyklyk
etjekdigi mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn, ýurduňyza we halkyňyza
rowaçlyklary arzuw edýärin. Geljek ýyl Türkmenistanda täze — “Merkezi Aziýa we
Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna
çakylygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Çakylygyňyzy uly höwes bilen kabul
edýändigimi beýan edýärin. Doganlyk Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde
geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky,
umuman, tutuş sebit hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa
geçirmäge ýardam etjekdigine, onuň täze gözýetimlerini açjakdygyna, sebitiň
durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk,
bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işleriňizde üstünlik, doganlyk Türkmenistanyň
halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.