milli goshun logo
Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler
Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler
12 sagat öň 12 Habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek we işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine we Daşary işler ministrligine 2025-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.