Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde
Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna
gabatlanan çäre geçirildi. Foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Gyrgyz Respublikasynyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek
Kasymaliýew gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow forumy açyp
we belent mertebeli myhmanlary mübärekläp, hemmelere BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy
kabul edendikleri, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň şu duşuşyga
gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly,
bu forum Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň doganlyk Özbegistanyň
paýtagty Daşkent şäherinde geçiriljek ýedinji konsultatiw duşuşygyna taýýarlyk
tapgyry bolup durýar.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri şu ýylyň güýzünde nobatdaky konsultatiw duşuşygy kabul edýän döwletiň
Baştutany hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz
berdi.
Soňra Prezident Ş.Mirziýoýew
konsultatiw duşuşygyň başlygy hökmünde bu formatda geçirilýän bilelikdäki işler
barada habar berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çuň manyly çykyşy üçin Özbegistanyň Liderine
minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň ähmiýeti,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu çäre boýunça ileri sürýän ugurlary barada taryhy
çykyş etdi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri çykyşyny tamamlap, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewi «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak
barada karara gelnendigini aýtdy we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli
Permanyny okady.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň döwlet sylagy bilen sylaglamak
dabarasy boldy. Özbegistanyň Baştutany bu ýokary sylaga dostluk we hoşniýetli
goňşuçylyk gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy we
howpsuzlygy pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki
bähbitlerini, başlangyçlaryny halkara bileleşikde ilerletmekde bitiren uly
hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilýän ýerine ugradylar.