milli goshun logo
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
Awazada Hazar deňziniň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi
12.08.2025 178 Habarlar

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Bu resminama kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Tähranda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çekilipdi.

Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. «Berkarar» myhmanhanasynda guralan «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat baýramçylygyň esasy çäresi boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde guralan bu foruma Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň hünärmenleri, Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, Diýarymyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.

Forumyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Forumyň dowamynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriniň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini nygtadylar hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

        Hazar deňziniň gününiň çäklerinde medeni maksatnama taýýarlanylyp, myhmanlar üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gezelençler guraldy.