Şu gün «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler
toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we
sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy. Munuň özi doganlyk ýurtlaryň bu
gözel künjekde yzygiderlilikde guralan milli günleriniň hem jemlemesine
öwrüldi. Jemleýji günde Türkmenistanyň we Özbegistanyň milli günleri bu dabara
aýratyn öwüşgin çaýdy.
Dabaraly konsert «Ýaşa, mähriban
Arkadag!» atly aýdym bilen açyldy.
Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň
we Azerbaýjanyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
Olaryň çykyşlarynda bu ýurtlaryň halk döredijiliginiň, häzirki zaman sungatynyň
baý däpleri we özboluşlylygy beýan edildi. Konsertiň dowamynda ýurdumyzyň
meşhur halk hem-de estrada aýdymçylary, tanymal sazandalary öz ussatlyklaryny
görkezdiler. Döwlet tans toparynyň, «Dehistan» folklor toparynyň, «Galkynyş», «Näzli»,
«Meňli» tans toparlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Baýramçylyk konsertine meşhur, tejribeli artistler bilen bir hatarda, sungat
ýoluna täze gadam basan ýaş artistler hem gatnaşdylar.
Sözleri we sazy Gahryman
Arkadagymyza degişli bolan «Garaşyp ýazlaryň joşan wagtyna» atly aýdym konserte
gatnaşyjylar üçin hakyky sowgat boldy. Aýdymyň sazy ýaňlanan badyna,
tomaşaçylary ruhubelent duýgular gurşap aldy. Ajaýyp sazy, çuňňur manyly
sözleri bilen bu aýdym dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň kalbynda aýratyn
täsirleri galdyrdy.
Däp bolşy ýaly, dabaraly
konsertiň ahyrynda gadymy «küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymy konsertiň özboluşly jemlenmesi boldy.