Şu gün «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi.
Hereketleriň Wena
maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni
paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa
geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli,
milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly Hereketleriň täze
maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň
tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň parlamentleriniň öz kanunçykaryjylyk we beýleki işlerine
Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin
anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň
esasy maksady bolup durýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guralan bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar.