Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin goňşy ýurtlaryň Liderleri
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Munuň özi halkara foruma
uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Bu maslahat täze taryhy eýýamyň möhüm
wakasyna öwrüler. Ählumumy meseleleriň ençemesini öz içine alýan iri forum
dünýä bileleşiginiň bu waka uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili dürli
ýurtlardan uçarlary yzly-yzyna kabul edýär. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Foruma gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzümi giň
möçberli halkara çäräniň taryhy ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Belent
mertebeli myhmanlar deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinde mähirli
garşylanylýar. Maslahata gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary mukaddes
toprakda türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda
garşylanýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza
hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Foruma gatnaşýanlaryň pikirine görä, onda
kabul ediljek çözgütler dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine
oňyn täsir eder.
Halkara maslahata gatnaşyjylara ýokary hilli hyzmatlar
hödürlenilýär, şeýle-de olar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu
bolsa myhmanlarda türkmen topragy barada ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.