milli goshun logo
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
Aşgabatda ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli iri halkara forumlar geçirilýär
1 gün öň 52 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Möhüm strategik pudaklarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy, işewürligi ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjak bu çäreler ilkinji gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bitewi meýdançada utgaşdyrylyp geçirilýär. Foruma Türkmenistandan we daşary döwletlerden, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Azerbaýjandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Germaniýadan, Finlýandiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan jemi 80-den gowrak ugurdaş kompaniýanyň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň köpüsi ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, sebitiň möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny has-da pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara işjeň gatnaşyjylardyr. Birnäçe kompaniýalar bolsa depginli ösýän türkmen bazary üçin öz hödürleýän harytlarydyr hyzmatlaryny tanyşdyrýarlar.

Irden halkara forumyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga aldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmentel — 2025» atly XVIII halkara sergä we ylmy maslahata hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Soňra ýygnananlar utgaşdyrylan sergi meýdançasy bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleri, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gulluklary döredildi. Sergide ilki Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleriniň, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gulluklarynyň işindäki sanly özgertmeler, durmuşa geçirilýän hem-de meýilleşdirilýän taslamalar giňişleýin tanyşdyrylýar. Bu düzümleriň sergi diwarlyklarynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi esasynda ilata hödürlenilýän döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirilýär.

Sergide Arkadag şäheriniň diwarlygyna hem möhüm orun berlipdir. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasy sanly, maglumat-aragatnaşyk, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanmak bilen, milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleriniň we häzirki zaman dizaýn usullarynyň sazlaşygyny özünde jemleýär.

Sergä «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem diwarlygy bilen gatnaşýar. Esaslandyrylan wagtyndan bäri geçen döwrüň içinde bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda elektron senagatyň iri önüm öndürijileriniň birine öwrüldi. «Belet», «Sanly çözgüt — IT meýdança», «Nokat Kompýuter», «Imdat elektronika» hojalyk jemgyýetleri, «Nurly Tolkun», «Türkmen innowasiýa» hususy kärhanalary ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, programma üpjünçiliklerini taýýarlamak boýunça hyzmatlaryny hödürleýärler. Sergide bu kärhanalaryň hyzmatlaryna giň orun berlipdir. Şeýle-de «Tehno Merkez» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti elektrik, gaz we suw ölçeýji «akylly» enjamlary bilen tanyşdyrýar.

Gözden geçirilişe tehnologiýa babatda dünýäde öňdebaryjy kompaniýalar hem işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde öýjükli we internet aragatnaşyk ulgamlarynyň öňdebaryjy enjamlaryny ornaşdyrmaga işjeň gatnaşýan «Huawei», «Nokia» kompaniýalaryny görkezmek bolar. Monakonyň «SSI», Fransiýanyň «Thales» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda hemra aragatnaşygy babatda gazanylanlar, «TürkmenÄlem 52oE» ikinji emeli aragatnaşyk hemrasynyň asman giňişligine uçurylmagy bilen açyljak mümkinçilikler tanyşdyrylýar. Germaniýanyň «Europeer Exchange GmbH» kompaniýasy tor aragatnaşyk ulgamynda, ABŞ-nyň «Fortinet», «Palo Alto Networks, Inc.», «Keysight» kompaniýalary maglumat dolanyşygynyň we bulut tehnologiýasynyň howpsuzlygynda, Beýik Britaniýanyň «Wide Network Solutions», Germaniýanyň «Kontron» kompaniýalary telekommunikasiýa hyzmatlarynda öňdebaryjy çözgütleri bilen tanyşdyrýar. BAE-niň «Integra City» kompaniýasynyň diwarlygynda «akylly» hem-de howpsuz şäher gurşawyny döretmekde, Hytaýyň «Zhejiang Dahua Teсhnology Сo., Ltd.», «Hikvision» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bolsa howpsuzlyk hem-de wideogözegçilik ulgamlarynda täzeçil çözgütler barada giňişleýin maglumat berilýär.

Gözden geçirilişde «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Tylla nal», «Bereketli netije», «Dowamly ýol», «At-abraý», «Döwrebap ulag merkezi», «Halkara Türkmen Logistik» hojalyk jemgyýetleri, «EGE», «Gama», «Meno» ýaly logistik kärhanalar hem iş ugurlarydyr mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Şu gezekki sergä ulag ulgamynda dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesiniň gatnaşýandygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda şäheriçi we şäherara ýolagçy awtobuslary bilen üpjün etmekde ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň birine öwrülen «Zhengzhou Yutong Group Co., Ltd.» kompaniýasyny, demir ýol pudagy üçin lokomotiwleri getirmekde ozaldan gelýän hyzmatdaşymyz bolan «CRRC Ziyang Co., Ltd.» kompaniýasyny görkezmek bolar. «Logenix International», «GAP CLK Worldwide» ýaly daşary ýurt kompaniýalary logistik hyzmatlary amala aşyrmak, Hytaýyň «CAMC Engineering Co., Ltd.» kompaniýasy ösen ýol-ulag düzümlerini kemala getirmek babatda mümkinçilikleri, Germaniýanyň «Vossloh AG» kompaniýasy bolsa demir ýollary berkitmekde ulanylýan enjamlary bilen tanyşdyrýar. Russiýanyň «Sibir», Türkiýäniň «Turkish Airlines» awiakompaniýalarynyň diwarlyklarynda howa ulagy arkaly ýolagçylary gatnatmakda hödürlenilýän döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirilýär.

Günüň ikinji ýarymynda «Türkmentel — 2025» atly ylmy maslahatyň hem-de «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň açylyş dabarasy geçirildi. Onda ýurdumyzyň wekilleri hem-de Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Halkara Transýewraziýa daşamalar boýunça utgaşdyryjy geňeşiň, GDA agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (РСС), BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Soňra maslahatlar aýratyn bölümçelerde dowam etdi. «Türkmentel — 2025» atly ylmy maslahatyň «Sanly geçiş: Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi» atly bölümçesinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen gazanylan üstünliklere üns çekildi.

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň «Halkara hyzmatdaşlyk we maýa goýumlar: ulagyň geljegine itergi beriji güýç» atly bölümçesinde edilen çykyşlarda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bu babatda durmuşa geçirilen taslamalar we ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

13-nji noýabrda halkara maslahat öz işini «Sebitleýin baglanyşyk we ykdysady geçelgeler», «Üstaşyr geçelgeleriň multimodal baglanyşygyny berkitmek we oňa maýa goýumlary çekmek», «Howa gatnawlary — durnukly ulag-logistika zynjyrynyň aýrylmaz bölegi» atly bölümçelerde, şeýle hem «Logistikada innowasiýalar we sanlylaşdyrmak» atly mejlis bilen dowam eder.

«Türkmentel — 2025» ylmy maslahatynyň ikinji gününde bolsa «Aragatnaşygyň milli infrastrukturasynyň “akylly”, howpsuz, özygtyýarly we durnukly ösüşi», «Ösýän startaplar üçin ekosistemany döretmek: ösüp barýan bazarlarda startaplary maliýeleşdirmek» atly bölümçeler, «Telekeçilik mümkinçiliklerini ösdürmek: inkubatorlar, akseleratorlar we bilim» atly tehniki mejlis guralar. Forumyň ikinji iş gününiň çäklerinde Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasy tarapyndan «Maliýe tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň sanly ösüşindäki orny» atly forum, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan halkara startap forumy guralar. Forumyň jemleýji gününde bolsa Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan «Döwlet dolandyryşynyň sanly özgertmesi: sanly registrlerden emeli aňyň ornaşdyrylmagyna çenli» atly okuw maslahaty, «Sanly çözgüt — 2025» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etmek we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçiriler.