Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler
zalynda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisi dowam edýär.
Sergide goýlan köpdürli işler ýaş awtorlaryň suratkeşlik, grafika,
heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty ýaly ugurlarda döreden eserlerini öz içine
alýar.
Galereýada döredijilik ýokary mekdebiniň talyplarynyň we
mugallymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
ýanyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň, Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň,
Suratkeşler birleşiginiň wekilleriniň eserleri görkezilýär.
Sergide jemi 186 iş görkezilýär. Däp boýunça, ýeňijileriň atlary oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda yglan ediler.