2025-nji ýylyň 21-23-nji awgusty aralygynda Aşgabatda
«Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasy
geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda habar
berilýär.
Sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy «Türkmen
Expo» kompaniýasy bilen bilelikde guraýar.
Çäre çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda
möhüm waka, çagalaryň bilim hem-de ösüş pudagynda pikir we tejribe alyşmak üçin
meýdança bolar diýlip çaklanylýar.
Sergi çagalar üçin hyzmatlar pudagynda işleýän
kompaniýalara öz innowasion önümleri we hyzmatlary bilen tanyşdyrmaga, täze
bazarlara çykmaga we bu ugurdaky esasy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola
goýmaga mümkinçilikler döreder.
Sergide bilim edaralarynyň, çagalar merkezleriniň
wekilleri, şeýle hem döwlet we hususy pudaklardan hyzmatdaşlar bilen duşuşmaga
mümkinçilik dörär.
Geçen ýyl sergä 90-dan gowrak eksponent gatnaşyp, oňa 10 müňden gowrak adam geldi.