Şu gün Türkmenistanyň daşary işler
ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň
Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi
Şuminden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary
syýasat edarasynyň saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň
orunbasary ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de
türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge
taýýardygyny beýan etdi.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen-hytaý
gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe
meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar yzygiderli geçirilýän
ýokary derejedäki duşuşyklaryň syýasy dialogyň güýçlenmegine goşant
goşýandygyny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary
işjeňleşdirmegiň çäginde taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler
hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar
diýlip, habarda bellenilýär.