Şu gün paýtagtymyzda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum
geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary
derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. ...Ir bilen halkara foruma gatnaşýan
ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül
desselerini goýdular. Her bir gül dessesi ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna we
onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Soňra wekiliýet
Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldiler. Bu ýerde hormatly
Prezidentimiziň gatnaşmagynda olaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy
boldy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş
dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine
maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz
mejlisi açyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän
halkara foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de bu forumyň
geçirilmeginiň biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara
bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň
subutnamasydygyny belledi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz
berdi.
Prezident
Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk
gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara
foruma gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, mundan 30 ýyl ozal, 12-nji dekabrda
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan berkiden Kararnamanyň
biragyzdan kabul edilmeginiň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belledi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana
söz berdi.
Türkiýäniň
Prezidenti hormatly Prezidentimizi, döwlet we hökümet Baştutanlaryny, foruma
gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp, ata Watany hasaplaýan türkmen
topragynda ýene-de bir gezek bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we
döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen
tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize bu şanly günde
halkara forumyň guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.
Prezident
Masud Pezeşkian forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň
Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň
30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi.
Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin
tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, şu gün Türkmenistanda taryhy senäniň —
hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.
Soňra Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Dostlukly ýurduň Lideri
bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin
hoşallygyny beýan edip, parahatçylygy, özara ynanyşmagy, durnukly ösüşi
pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny
aýtdy.
Soňra Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol, ilki bilen,
Türkmenistanyň Hökümetine we Birleşen Milletler Guramasyna şu günki möhüm
çäräniň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkyny hemişelik
Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra hormatly
Prezidentimiz çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewe söz berdi. Goňşy döwletiň Baştutany sözüniň başynda forumyň ýokary
guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly
Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra Ermenistan
Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana söz berildi. Ol Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş etmegiň
özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu möhüm çäräni guraýandygy hem-de Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy, bitaraplygy
yzygiderli ilerledýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň
Hökümetine hoşallyk bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz
Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide söz berdi. Ol, ilki bilen,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylyna bagyşlanan bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin
türkmen tarapyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, Yrak Respublikasynyň dialogy,
özara düşünişmegi sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şerti
hökmünde görýändigini aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz
San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila
Nowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.
Soňra Pakistanyň
Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarife söz berildi. Ol Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu möhüm
çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen
ýyllaryň dowamynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli
Kararnamalary bilen tassyklanyldy. Bu bolsa halkara bileleşigiň Türkmenistanyň
oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä söz berdi. Ol
halkara maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy
bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynyň halkara jemgyýetçiligi parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we
ynanyşmak ýaly ýörelgelere çagyrýan möhüm senedigini belledi. Gruziýanyň
Premýer-ministri Türkmenistanyň Hökümetine sebitleýin hem-de ählumumy derejede
dialogy, hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary üçin
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Azerbaýjan
Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowa söz berildi. Ol foruma
gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen
tarapyna hoşallyk bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin
Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlaminä söz berildi. Ol Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu taryhy foruma
ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagyň Eswatini Patyşalygy üçin uly hormatdygyny
belläp, foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin
hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz
Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So söz berdi. Ol
bildirilen myhmansöýerlik üçin Mýanmanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň
Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Arakesmeden soňra, plenar
mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ilki
ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen
bilelikde resmi surata düşdi.
Milli Liderimiz foruma
gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň
dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar
edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini, bu wajyp senäniň Garaşsyz
türkmen döwleti üçin ähmiýetli wakadygyny, onuň daşary syýasatyndaky
tapgyrlaýyn sepgitdigini belledi.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň
orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa söz
berdi. Ol çykyşynyň başynda halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik
üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra çykyş etmek üçin
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzä söz berildi.
Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän halkara forumda ÝHHG-ä wekilçilik
etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa
sebitine ilkinji saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygyna örän
şatdygyny aýtdy.
Soňra Ykdysady
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana söz berildi. Ol BMG-niň
Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň
kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bu möhüm halkara foruma gatnaşmagynyň
özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň geçen döwürde
Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanandygyny nygtady.
Soňra söz nobaty BMG-niň
Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine
ýetiriji sekretary Tatýana Molçana geçirildi. Ol bildirilen myhmansöýerlik
hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan etdi.
Soňra çykyş etmek üçin
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin
Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa
Alişahbana söz berildi.
Soňra Milli Liderimiz
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewe söz berdi.
Soňra BMG-niň Baş
sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň
orunbasary Sýuý Haolýan çykyş edip, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu
halkara foruma gatnaşmaga örän şatdygyny aýtdy.
Forumda çykyş etmek üçin
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýa söz berildi. Ol
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli
parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilýändigi we oňa gatnaşmaga çakylyk
üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça
guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige söz berdi. Ol öňdengörüjilikli
syýasaty bilen milli medeni mirasyny dünýäde tanadýan, parahatçylyk we
ynanyşmak düşünjesini täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ýurtda geçirilýän ýokary
derejeli halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Soňra Gahryman
Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk
gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň
işiniň tamamlanandygyny yglan edip, mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipleriň
we konsepsiýalaryň, gymmatly başlangyçlardyr pikirleriň beýan edilendigini,
olaryň şübhesiz mynasyp goldawa eýe boljakdygyny, syýasy-diplomatik işde,
döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň we birleşikleriň işlerinde
peýdalanyljakdygyny belledi.
Milli Liderimiz hemmeleri Halkara
Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden
gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe
hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara
forumy ýapyk diýip yglan etdi.
Forumda hormatly Prezidentimiziň
we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama
hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.