milli goshun logo
Aşgabatda giň gerimli sergi öz işine başlady
Aşgabatda giň gerimli sergi öz işine başlady
18.03.2025 176 Habarlar

Düýn – 17-nji martda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän giň gerimli sergi öz işine başlady.

Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlary bu ýere gelen myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşyladylar. Hemmeler döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Soňra dabara gatnaşyjylar hususy pudagyň ýeten sepgitlerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar. Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzyň dürli ugurlarda iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň 130-a golaýy gatnaşýar.

Gözden geçirilişiň çäklerinde şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçiriler. Sergi 19-njy martda öz işini tamamlar.