Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly
Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 10-njy sany okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Ýurdumyzda oktýabr aýynda bolup geçen esasy wakalar we olara türkmen ýaşlarynyň
seslenmesi neşiriň täze sanynyň süňňüni düzýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň täze neşirleriniň ikisini okyjylar köpçüligine sowgat etmegi
geçen aýyň iň esasy wakalarynyň biri boldy. Şeýle bolansoň, žurnal täze
sanyndaky ilkinji makalasynda ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynda täze sahypa
öwrülen Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary dogrusynda söhbet açylýar.
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygy dörediji dialogyň kuwwaty»
atly makalada bolsa belent bagtymyzyň gymmatyna üns çekilýär. Neşiriň täze
sanynda rus dilinde paýlaşylan makala bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň
döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanypdyr.
«Ulyny
sylamak parz» atly makala gozgaýan meselesiniň möhümdigi bilen ünsi özüne
çekýär. «Halk hakydasy bakydyr» atly çykyş bolsa Hatyra gününe bagyşlanypdyr.
Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ýerleşdirilen täsirli çykyş «Wepalylygyň
we gaýduwsyzlygyň nusgasy» diýlip atlandyrylýar.
Hemişelik
Bitaraplygymyzyň ýakynlaşyp gelýän şanly 30 ýyllyk toýy neşirdäki çykyşlaryň
aglabasynda öz beýanyny tapýar. Neşiriň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylýan
makalada milli bilim ulgamynyň özboluşlylyklary beýanyny tapýar. Rus dilinde
ýerleşdirilen çykyşda türkmen ýaşlarynyň milli gymmatlyklarymyza goýýan
sarpasyndan söz açylsa, başga bir makalada okyjylaryň ünsi ylym we tehnologiýa
täzeliklerine çekilýär. Neşiriň ilkinji sanlaryndan bäri dowam etdirilip
gelinýän ýaş alymlaryň alyp barýan ylmy gözleglerine bagyşlanan makalalar
tapgyry bu sanda hem täze ylmy açyşlar baradaky söhbetler bilen dowam
etdirilýär.
Däp bolşy ýaly, neşir okyjylaryna ýaş döredijileriň
täze şygyrlarynyň hem birnäçesini hödürleýär. Neşiriň täze sanyndaky «Sagat
näçe?» atly makala okyjylary çynlakaý oýlanmaga iterýär. Täleýnama görä, noýabr
aýynda özüňize garaşýan zatlar hakyndaky çaklamalary okamak hem gyzykly bolar.
Şeýle-de, okyjylar Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny almak ugrundaky
bäsleşigiň düzgünnamasy bilen tanyşdyrylýar.
Hemişe
bolşy ýaly özüne çekiji dizaýn neşiriň döredijilik we tehniki toparynyň öz
işine ýürekden ýapyşýandygyny görkezýär. «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze
sany türkmen ýaşlarynyň ýürek sesi bolup, dilden-dile geçer!