milli goshun logo
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Endo Toşiaki bilen duşuşdy
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Endo Toşiaki bilen duşuşdy
15.04.2025 209 Habarlar

Düýn – 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ol ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklary berkitmekde Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işini aýratyn belledi.