milli goshun logo
Arkadagly Gahryman Serdarymyz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Arkadagly Gahryman Serdarymyz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.04.2025 183 Habarlar

Düýn – 27-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşygy türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratynyň özboluşly senasyna öwrüldi. At çapyşyklary çapyksuwarlardan erjelligi, dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi, atlara bolan söýgini we üşügi talap edýär. Dürli aralyklara at çapyşyklarynyň jemi 7-si geçirildi hem-de olara bedewleriň onlarçasy gatnaşyp, iň gowy netijeleri görkezdiler.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy tamamlanandan soňra, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyza ajaýyp haly sowgat berildi.