Şu gün
paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa
stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň II Çempionlar ligasynyň 1/8
finalynyň çäklerinde ýurdumyzyň “Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň
“Al-Nassr” futbol toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
...“Arkadag” we
“Al-Nassr” toparlarynyň arasyndaky duşuşygyň Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde geçirilmegi
aýratyn buýsandyryjy wakadyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany” ýylynyň wajyp sport çäreleriniň birine öwrülen bu
duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde Milli Liderimiziň Olimpiýa stadionynda alnyp
barylýan işler bilen tanyşmagy ýurdumyzda futboly ösdürmäge döwlet derejesinde
üns berilýändiginiň aýdyň beýany boldy.
Futbol duşuşygynyň
başlanmagynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti
ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen çykyşlarda sportda gazanylýan üstünlikler belentden
wasp edildi. Soňky ýyllarda Türkmenistan iri halkara sport ýaryşlarynyň we
sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilýän merkezine
öwrüldi. Munuň özi Watanymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdy
hökmünde derejesini has-da pugtalandyrýar.
Saud Arabystanynyň
“Al-Nassr” topary bilen geçirilen duşuşyk hem “Arkadag” toparynyň halkara
ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmeginiň aýdyň netijesidir. Bu möhüm ähmiýetli
futbol duşuşygy türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döretdi. Garaşylýan
tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: futbol duşuşygynyň emininiň oýnuň
başlanýandygynyň alamaty hökmünde jürlewük çalmagy bilen, ýaşyl meýdançada
taryhy pursatlara badalga berildi. Bu ajaýyp wakanyň şanyna sebitde deňi-taýy
bolmadyk 45 müň orunlyk Olimpiýa stadionynda futbol duşuşygynyň başlanýandygyny
alamatlandyrýan sport alawy ýakyldy.
Duşuşyk ilkinji
minutlardan başlap çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Iki toparyň oýunçylary hem
meýdançada topa erk etmekde ussatlyklaryny görkezdiler.
“Arkadagyň”
oýunçylarynyň sazlaşykly hereketleri güýçli garşydaşynyň öňünde olaryň nähili
taýýarlyklydyklaryny görkezdi. Olar hüjümleriň öňüni almak bilen bir hatarda,
“Al-Nassr” toparynyň derwezesine yzygiderli garşylykly hüjümleri guradylar.
Duşuşyk futbol janköýerleri üçin täsirli pursatlara baý boldy. Paýtagtymyzdaky
Olimpiýa stadionynda emele gelen şowhun oýnuň ruhuny has-da belende göterdi. Müňlerçe
tomaşaçynyň goldawy “Arkadag” toparynyň oýunçylaryny has-da ruhlandyrdy.
Ýurdumyzyň
“Arkadag” we Saud Arabystany Patyşalygynyň “Al-Nassr” futbol toparlarynyň
arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem, uly bir medeni
wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň oýunçylarynyň görkezen
ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy. Meýdançadaky çekeleşikli
hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň
belleýşi ýaly, arassa hem-de owadan oýun boldy. “Arkadag” — “Al-Nassr” duşuşygy
0:1 hasabynda tamamlandy.
Milli Liderimiz
oýun garşydaş toparyň peýdasyna tamamlansa-da, bu duşuşygyň halkymyz üçin
toý-baýramdygyny, türgenlerimiziň bolsa ýene-de uly üstünliklere ymtyljakdygyny
nygtapdy.
Şeýlelikde, iki
güýçli toparyň bu oýny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy.
Futbolçylaryň görkezen gaýraty, janköýerleriň goldawy we halkara hyzmatdaşlygyň
dabaralanmagy Aşgabatdaky futbol agşamynyň iň uly ýeňşi boldy.