milli goshun logo
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
Arkadag şäherine täze halkara sylag gowşuryldy
13 sagat öň 14 Habarlar

Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň aýdyň nyşany bolan bu şäheriň innowasion ösüş babatda gazananlarynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. Bu waka mynasybetli guralan dabara gatnaşmak üçin Aşgabatda geçirilen Ýewraziýa Patent Guramasynyň Dolandyryjy geňeşiniň 47-nji mejlisine gatnaşyjylar ýurdumyzyň «akylly» şäherine geldiler.

Dabara başlamazdan ozal, daşary ýurtly myhmanlara Arkadag şäheriniň gözelliklerini emele getirýän görnüşleri — tekiz we giň şaýollary, olaryň ugrunda bina edilen ajaýyp binalardyr desgalary synlamaga mümkinçilik döredildi.

Dabara gatnaşyjylar Arkadag şäheriniň häkimligine gelip, binanyň eýwanynda guralan sergini synladylar

Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Arkadag şäherine halkara derejeli täze sylagyň gowşurylmagynyň onuň haýran galdyryjy üstünlikleriniň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýandygy nygtaldy. Bu ajaýyp waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna, «akylly» şäheriň ähli ýaşaýjylaryna tüýs ýürekden gutlag sözleri beýan edildi.

Dabarada çykyş eden Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Türkmenistanda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda amala aşyrylan we häzirki wagtda-da ikinji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýän bu giň gerimli taslamanyň dünýäde nusgalykdygyny belledi.

Soňra dabaranyň esasy pursady gelip ýetdi: Ýewraziýa patent edarasynyň ýolbaşçysy G.Iwliýew Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Medaly Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow kabul etdi.

Bu altyn medal Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy hem-de onuň birinji prezidenti bolan Wiktor Iwanowiç Blinnikowyň hormatyna döredilip, ol oýlap tapyjylyk we patent işine goşan goşandy üçin berilýär.

Çykyş edenler «akylly» şäher bilen baglanyşykly patent işini kämilleşdirmek boýunça wezipeleriň netijeli çözülmeginiň gazanylan nobatdaky üstünlikde uly ornunyň bardygyna ünsi çekdiler. Dabarada çykyş eden ugurdaş düzümleriň wekilleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň alyp barýan işi bilen baglylykda, Türkmenistanda intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň degişli döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini nygtadylar. Onuň esasynda awtorlyk hukugyny goramak we hemmetaraplaýyn kepillendirmek üçin halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk berkidilýär. Dabaranyň dowamynda görkezilen wideoşekiller bolsa Arkadag şäherinde durmuşa geçirilen innowasion taslamalar hem-de sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.