Şenbe güni - 29-njy martda Arkadag şäherinde haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi. Plenar mejlisiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasy boldy.
Maslahatda, ilki bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa giriş sözi bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, gaznanyň döredilmegi çuňňur logiki we oýlanyşykly ädim boldy we wagt bu pikiriň dogrudygyny, onuň derwaýysdygyny hem-de möhümdigini görkezdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň işi türkmen halkynyň köpasyrlyk pelsepesine, baý ruhy medeniýetine, däp-dessurlaryna esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde umumadamzat gymmatlyklary, parahatçylyk, ýagşylyk, adalatlylyk, ynsanperwerlik taglymatlary biziň ileri tutýan ugurlarymyzdyr.