milli goshun logo
Arkadag şäheri bagy-bossanlyga beslenýär
Arkadag şäheri bagy-bossanlyga beslenýär
24.03.2025 603 Habarlar

Şenbe güni – 22-nji martda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen «akylly» şäheriň çäklerinde-de ählihalk bag ekmek çäresiniň ýazky möwsümine badalga berildi. Arkadag şäherinde guralan asylly çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gatnaşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti, asylly däbe laýyklykda, bag nahallaryny ekip, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäherde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň başyny başlady.

Arkadag şäherinde guralýan çärä gatnaşyjylaryň ählisi agzybirlikde bag nahallaryny oturtdylar. Şunlukda, täze şäheriň çäklerinde bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän dürli görnüşli bag nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Munuň özi halkymyzda sogaply işe agzybirlikde, yhlasly çemeleşilýändigini nobatdaky gezek görkezdi.

Arkadag şäherinde köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.