Hormatly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly
halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde giňden
bellenilmegi diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, bütin halkymyz
üçin buýsandyryjy wakadyr. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzda halkara
sergini we maslahaty geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Dünýäniň
hemmetaraplaýyn ösen şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Aşgabadyň
ähli ulgamlarda ýeten belent sepgitlerini giň halkara jemgyýetçilige ýaýmaga
gönükdirilen halkara serginiň we maslahatyň üstünlikli geçirilmegini arzuw
edýärin.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly
halkara serginiň we maslahatyň ak mermerli paýtagtymyzyň innowasion häsiýetli
şähergurluşyk-binagärlik, amatly şäher gurşawyny döretmek, ilata häzirki zaman
sanly platformalary esasynda jemagat hyzmatlaryny hödürlemek babatda gazanan
üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynanýaryn. Köpugurly
sergi we maslahat şähergurluşyk boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän
taraplar üçin möhüm işewürlik meýdançasyna öwrüler, şeýle hem gözel
paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden
öwrenilmegine uly ýardam eder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ak mermerli paýtagtymyzyň ösüşiň hem-de gözelligiň şäheri hökmünde at-abraýy
barha artýar. Milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk
tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we
binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, Aşgabadyň täze,
döwrebap keşbini emele getirýär. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň
ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.
Hormatly adamlar!
Gadyrly dostlar!
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk babatda başyny başlan
giň gerimli başlangyçlary netijesinde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak
mermerli Aşgabat häzirki döwürde dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly
şäherleriniň birine öwrüldi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri
döretmek täze taryhy döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatymyzda
we kabul edilen özgertmeler maksatnamalarynda baş wezipe hökmünde
kesgitlenendir. Şunda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şeýle-de ýokary
amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda «akylly» öý tehnologiýalarynyň,
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, gözel paýtagtymyzy
bagy-bossanlyga öwürmek, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny
täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, şäheriň hemişe arassa bolmagyny gazanmak
ugrunda giň möçberli çäreler amala aşyrylýar.
Aşgabat eziz Watanymyzyň dolandyryş, senagat,
medeniýet, bilim, ylym, lukmançylyk merkezi bolmak bilen, bu ýerde ylym, akyl
we zähmet mümkinçilikleri jemlenendir. Ulag-aragatnaşyk, hyzmatlar, söwda,
myhmanhana, medeni-dynç alyş ulgamlary ösendir. Şonuň ýaly-da, ilatyň saglygyny
goramaga, medeniýeti, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmäge uly üns berilýär.
Paýtagtymyzyň ähli ulgamlarda gazanan ägirt uly
üstünlikleri halkara giňişlikde hem giňden ykrar edilýär. Dürli ýyllarda
Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym
we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň
toruna, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul
edildi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň
şäheri» diýlip yglan edildi. Geçen ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň
öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi baş şäherimiziň iri
ylym-bilim we medeni merkez hökmünde möhüm orun eýeleýändigini görkezen
nobatdaky şanly waka boldy.
Hormatly adamlar!
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy
bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyzda ençeme desgalary gurup ulanmaga
bermegi maksat edinýäris. Şäher gurluşygynda, binagärlikde we täze binalaryň
bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň hem-de milli binagärlik sungatynyň iň gowy
gazananlarynyň ornaşdyrylmagy esasynda ýurdumyzyň baş şäheri geljekde has-da
gözelleşip, gaýtalanmajak ajaýyp keşbe eýe bolar. Bu işler Watanymyzyň durnukly
ösüşiniň, ykdysady, döredijilik kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň
görkezijisidir. Watanymyzyň ýüregi ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň parahatçylyk
we dost-doganlyk merkezi hökmünde iri halkara forumlaryň, sergileriň hem-de
başga-da köp sanly çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrüldi.
Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen
ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde möhüm wezipeler
durýar. Aşgabadyň abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň nusgalyk merkezi
hökmündäki abraýyny geljekde has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly
halkara serginiň we maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş,
paýtagtymyzyň barha gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.