milli goshun logo
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi
26.05.2022 883 Habarlar

25-njy maýda türkmen paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheriniň gününe gabatlanyp geçirilýän bu gözden geçiriliş paýtagtymyzyň gözel keşbinde öz beýanyny tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimini aýdyň açyp görkezýär. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Sergide görkezilýän taslamalaryň köpüsi şu ýyllaryň dowamynda paýtagtymyza bezeg berýän ajaýyp binalaryň hem-de binagärlik toplumlarynyň mysalynda durmuşa geçirildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň anyk subutnamalary hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.