milli goshun logo
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
Ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhraty belende galýar
1 gün öň 66 Habarlar

Mälim bolşy ýaly, ýakynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary oňa hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, ýurdumyza wekilçilik etdiler. Halkara festiwalyň çäklerinde geçirilen dabaraly çärede “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ajaýyp wakanyň hormatyna şu gün Arkadag şäherinde dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabara Gökdepe şaýoly bilen Akhan şaýolunyň çatrygynda ýerleşýän döwrebap köpriniň ýanynda başlandy. Oňa gatnaşyjylar ýokary ruhubelentlik we hakyky toý şatlygy bilen joşgunly ýaňlanýan aýdym-sazlara, tanslara goşuldylar.

Dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasyna tarap ugradylar. Olar ýolugruna bu ýerde gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan desgalary, türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli zehininden kemala gelen Arkadag şäheriniň gözel keşbini synladylar. Biraz wagtdan dabara gatnaşyjylar «Taýçanak» binasynyň ýanyna geldiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bu ýerden atly ýöriş arkaly Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. «Sag bol Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi çäräniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.

Dabaralar tamamlanandan soňra, Arkadag şäherinde toý sadakasy berildi. Onda Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagy dileg edildi.