31.05.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ahalteke bedewi – Watan goragçylarynyň müdimi hemrasy
Ahalteke bedewi – Watan goragçylarynyň müdimi hemrasy
30.04.2023 252 Harby özgertmeler

29-njy aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Täze, döwrebap atçylyk toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň gullugy, ýaşaýşy üçin mynasyp şertleri döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara deňdir. Onuň çäklerinde birnäçe desga, şol sanda edara we VIP binalary, açyk manež, höwür we çapuw atlara, taýlara ideg etmek üçin niýetlenen 500 at üçin athanalar, tehniki desgalar, çapuw ýodasy, 100 orunlyk tomaşaçylar münberi, awtoduralga we beýlekiler ýerleşdirilendir.

Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin niýetlenen, ähli zerur enjamlar we döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar bejeriş binasy hereket edýär. Onda dürli bejeriş bölümleri göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem atçylyk toplumynyň düzüminde karantin binasy we atlary suwa düşürmek üçin howuz ýerleşdirilipdir. Ýörite türgenleşik meýdançalary bedewleri çapyşyklara, päsgelçiliklerden geçmek we beýleki ýaryşlara taýýarlamak, taýlara tälim bermek, ata erk etmek tälimlerini kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi we türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär.

Toplumyň atçylyk toparynyň binasynda esgerleriň amatly dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň ýokary derejeli gullugy üçin bolşy ýaly, olaryň göwnejaý dynç almagy bilen baglanyşykly meselelere hem örän jogapkärçilikli çemeleşilýändigini görkezýär. Bu ýerde ýaş harby gullukçylaryň degişli ugur boýunça bilim almaklary, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalar bilen tanyşmaklary hem-de olaryň syýasy taýdan düşünjeleriniň artdyrylmagy üçin zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir.

Umuman, harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk üçin atlary taýýarlamak, sportuň atly görnüşlerini ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegine ýardam berýär.