milli goshun logo
Ahal welaýatynyň täze merkezi toplumlaýyn şähergurluşygyň nusgasydyr
Ahal welaýatynyň täze merkezi toplumlaýyn şähergurluşygyň nusgasydyr
19.06.2022 667 Habarlar

18-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar, binalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde şäherleriň we obalaryň keşbi has-da özgerdi. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşyny we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şertleriň döredilmegine uly üns berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan ugur alýan syýasatyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň beýanydyr.