28-nji
maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz
bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş
merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri
taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly
meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly
Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli
künjeklerine iş saparlaryny amala aşyryp, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri
ýerinde öwrenip, olary üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlaryny kesgitleýär.