Türkmenistanyň Mejlisiniň KARARY
Ahal, Daşoguz welaýatlarynda döredilen täze ilatly
ýerlere şäherçe, oba derejesini bermek we olara at dakmak hakynda
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» esasynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak
boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Halkymyz üçin zerur bolan durmuş-ykdysady şertleri üpjün
etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan
tutumly işleriniň esasy özeni bolup durýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň,
Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
Täze ýol geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýerler hem ýurdumyzda kabul
edilen durmuş ugurly maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Ahal, Daşoguz welaýatlarynda täze ilatly ýerleriň
döredilendigini göz öňünde tutup, şeýle hem Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň
häkimlikleriniň towakganamalaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
teklipnamasyny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň
meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
1. Ahal welaýatynda:
1) Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde
döredilen täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Döwletli mekan» adyny
dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy
geňeşliginiň Döwletli mekan obasy» diýip atlandyrmaly;
Öňaldy geňeşliginiň edara ediş merkezini Döwletli mekan
obasyna geçirmeli;
2) Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde döredilen
täze ilatly ýere oba derejesini bermeli we oňa «Bagtly zamana» adyny dakmaly
hem-de mundan beýläk ony «Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň
Bagtly zamana obasy» diýip atlandyrmaly;
Gowşut geňeşliginiň edara ediş merkezini Bagtly zamana
obasyna geçirmeli.
2. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol
geňeşliginiň çäginde döredilen täze ilatly ýere şäherçe derejesini bermeli we
oňa «Bitaraplyk» adyny dakmaly hem-de mundan beýläk ony «Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesi» diýip atlandyrmaly.
3. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol
geňeşligini ýatyrmaly we onuň Täze ýol, Çilter, Gamyşlyoý, Garaşsyzlyk,
Gazakýer obalaryny Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna bermeli.
4. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol
geňeşliginiň Geňeş agzalarynyň ygtyýarlyklaryny olaryň saýlanan wagtynda
kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda saklap galmaly.
5. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi Ahal, Daşoguz
welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň Döwletli mekan, Kaka etrabynyň Gowşut
geňeşliginiň Bagtly zamana obalarynyň hem-de Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç
etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen
tertipde geçirmeli.
6. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy
maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň
dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
D.GULMANOWA.
Aşgabat şäheri. 2025-nji ýylyň 8-nji sentýabry.