milli goshun logo
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
2025-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby sylaglanyldy
16 sagat öň 19 Habarlar

Şu gün ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy.

2025-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde kesgitlenildi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu waka ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şu mynasybetli guralan dabaranyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny ebedilik adyna ýazan Bitaraplyk şäherçesinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, bagtyýar döwrümize bagyşlanan sungat eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat ussatlary, dessançy bagşylar joşgunly aýdym-sazlary bilen çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar.

Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Bu gün Bitaraplyk şäherçesi ýene-de baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Bu sebitde gadymy döwürlerden bäri zähmetkeş ata-babalarymyz tarapyndan dürli ekinler ösdürilip ýetişdirilipdir. Etrabyň irki ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän daýhanlary ekerançylygyň we maldarçylygyň okgunly ösmegine, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyna, önümçiligiň möçberiniň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Etrabyň işewürlik bilen meşgullanýan telekeçileri önümçilik babatda häzirki zaman tejribesini özleşdirip, döwletimiz tarapyndan berilýän ýeňilliklerden netijeli peýdalanmak bilen, döwrebap önümçilik toplumlaryny döredýärler. Olar ýerli sarp edijileri zerur önümler bilen bolelin üpjün edip, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna hem goşant goşýarlar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda döwlet Baştutanymyza sebitiň ilatynyň ýurdumyzyň depginli durmuş-ykdysady ösüşine goşýan goşandyna berýän ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Watanymyzyň abadançylygynyň, onuň kuwwatyny has-da artdyrmagyň bähbidine mundan beýläk-de yhlasly, halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Dabara bagtyýar döwrümizi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar bilen jemlendi. Şeýle hem Bitaraplyk şäherçesindäki “Köneürgenç” toý mekanynda şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.