milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
14 sagat öň 18 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerine — “EXPO” halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň, maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin ekologik abadançylyk milli rowaçlygyň we durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz daşky gurşawy goramaga we tebigatdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary munuň aýdyň mysalydyr. Bu asylly çäreler esasynda dag eteklerimiz we şäherlerimiz gülzarlyga öwrülip, amatly howa gurşawy döredilýär.

Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran iş sapary köptaraply dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň Sebitleýin ekologiýa sammitiniň işine hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan anyk döwletara taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.