milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi
14 sagat öň 25 Habarlar

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynda amala aşyrylan iş saparynyň çäginde Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi.

Onda Döwlet Baştutanymyz bellenişi ýaly, “Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň mertebe işimiz, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde ol möhüm ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin ýurtlarymyzyň hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak babatda umumy borjumyzdyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini, halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga hem-de utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatmagy ýerlikli hasaplaýaryn”.

Sözüň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady.