milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
25.05.2023 2104 Habarlar

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus syýasy dialogynyň okgunly ösdürilýändigi, ýokary derejedäki özara saparlaryň amala aşyrylýandygy, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygy bellenildi. Parlament ugry boýunça hyzmatdaşlyk giňeldilýär, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli esasda geňeşmeler geçirilýär. Türkmenistan bilen Russiýa ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bitarap daşary syýasatyny we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bellenilişi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Nebitgaz pudagynda, şeýle hem awtoulag senagaty, gämigurluşyk, awiasiýa ulagy, gazhimiýa we beýleki ulgamlarda oňyn netijeler gazanyldy. Hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny gurşap alýan şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Şunda ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda göni söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigi we onuň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Muňa Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleri bilen ýola goýlan netijeli özara gatnaşyklary mysal getirmek bolar.

Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny bildirip, öz tarapyndan iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hem-de strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynandyrdy.