Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda geçirilýän ýokary derejeli çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
mähirli mübärekläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelmek
baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Gyrgyz
Respublikasynyň bu wajyp halkara çärelere gatnaşmagynyň uly ähmiýete eýedigini
aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz şeýle hem Türkmenistanda Sadyr Žaparowyň sebit hyzmatdaşlygyny
ösdürmek meselelerine berýän şahsy ünsüne ýokary baha berilýändigini, Awazada
geçirilýän duşuşyklaryň bolsa netijeli pikir alyşmak, hyzmatdaşlygyň täze
ugurlaryny kesgitlemek we bilelikdäki tagallalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik
bolup durýandygyny aýdyp, Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza
amala aşyrýan şu gezekki sаparynyň hem ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary
mundan beýläk-de pugtalandyrmaga itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Belent
mertebeli myhman mähirli kabul edilendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm
meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk
bildirip, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli halkara çäreleriň möhüm
ähmiýetini nygtady hem-de döwlet Baştutanymyzy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň
üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem Prezident Sadyr Žaparow sebitde
hyzmatdaşlygy ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideriniň uly goşandyny belledi
we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny beýan etdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasyny doganlyga,
hoşniýetli goňşuçylyga we özara düşünişmäge esaslanýan gatnaşyklar
birleşdirýär. Taraplaryň syýasy erki hem-de ýakyn hyzmatdaşlyga bolan özara
ygrarlylygy döwletara gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi üçin berk binýat
bolup hyzmat edýär.
Biziň
ýurtlarymyz netijeli syýasy dialogy alyp barmak bilen, halkara guramalaryň
çäklerinde, ilkinji nobatda, BMG-de we GDA-da, şeýle hem beýleki abraýly
düzümleriň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler — diýip, döwlet Baştutanymyz
aýtdy hem-de şu ýylyň iýul aýynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna
gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherine amala aşyran saparyny
ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiz gyrgyz topragynda mähirli kabul edilendigi üçin Sadyr Žaparowa ýene
bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de bu duşuşygyň özara gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berendigini belledi.
Nygtalyşy
ýaly, söwda-ykdysady ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan we Gyrgyz Respublikasy özara söwdanyň hem-de maýa goýumlaryň
möçberlerini artdyrmak, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirmek üçin uly kuwwata eýedir. Energetika, ulag, nebitgaz senagaty, şeýle
hem oba hojalygy häzirki döwürde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge
goşant goşýan geljegi uly ugurlar bolup durýar.
Hormatly
Prezidentimiz iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklaryny
ösdürmäge we bilelikdäki ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge mundan
beýläk-de goldaw bermegiň wajypdygyny belläp, özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde
medeni-ynsanperwer ulgamyň hem aýratyn orun eýeleýändigini, bu ugurdaky
netijeli gatnaşyklaryň türkmen we gyrgyz halklarynyň arasyndaky däp bolan
dostlugy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdiler.