milli goshun logo
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.02.2024 374 Habarlar

Düýn – 23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň nebit-gaz, obasenagat, gurluşyk, dokma senagaty, medeniýet, ylym-bilim, halkara gatnaşyklary, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmek tabşyryldy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.