Türkmenistanyň Küşt federasiýasy ýurdumyzyň birbada dört sebitinde ikinji liganyň saýlama ýaryşlaryny geçirdi.
Ikinji liga Türkmenistanyň çempionlygy (I liga) üçin deslapky saýlaw tapgyry bolup hyzmat edýär. Ol täze zehinleri ýüze çykarmak we sebitlerden gelen her bir küştçi üçin milli çempionlygyň ýokary derejesine aç-açan hem adalatly saýlaw arkaly geçip, özlerini görkezmäge mümkinçilik döretmek maksady bilen 2023-nji ýylda döredildi.
Ikinji liganyň çäginde saýlama ýaryşlary Aşgabat, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda geçirildi. Olara 115 sanysy zenanlar toparynda bolmak bilen, jemi 382 küştçi gatnaşdy. Her sebitde hem açyk topara (erkekleri we zenanlary öz içine alýan), hem zenanlar toparyna gatnaşýanlar şu ýylyň ahyrynda geçiriljek milli çempionlygyň birinji ligasyna geçmegiň mümkinçiligi 10 ýer ugrunda bäsleşdiler.
Ikinji liganyň Aşgabat tapgyryna Ahal welaýatynyň we Arkadag şäheriniň wekilleri-de gatnaşyp, saýlaw arkaly öz sebitlerinden birinji liga geçdiler.
Aşgabatda geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça zenanlar toparynda birinji ýeri Oguljeren Saparowa eýeledi. Kümüş medaly bolsa Güljemile Saparowa gazandy. Žasmin Rahmedowa bürünç medala mynasyp boldy. Açyk toparda Azatgeldi Amangeldiýew ýeňiji boldy. Ikinji orny Resul Myradow eýeledi. Baýraklar üçlügiň soňky hataryna Myrat Merdanow mynasyp
boldy.
Daşoguz welaýatynda zenanlar
toparynda Dilber Hupbyýewa ýeňiji boldy. Ikinji orny Mähriban Mätýakubowa,
üçünji orny bolsa Sähra Saparmyradowa aldy. Açyk toparda iň gowy netijäni
Muhammetnur Baýgeldiýew görkezdi. Kümüş medaly Yhlas Ulugbekow, bürünç medaly
bolsa Babur Nejmeddinow gazandy.
Lebap welaýatynda zenanlar
toparynyň arasynda birinji ýeri Jeren Bagtyýarowa, ikinji ýeri Nurhan
Babanazarowa, üçünji ýeri bolsa Aýlar Semenderowa eýeledi. Açyk toparda Serdar
Baýramow ýeňiş gazandy. Ýunus Joraýew ikinji, Gurbanmyrat Rüstemow bolsa üçünji
ýeri eýeledi.
Mary welaýatynda hormat
münberiniň iň ýokarky basgançagyna Ejegyz Amanowa çykdy. Kümüş medaly Gözel
Aşyrmyradowa, bürünç medaly bolsa Mähriban Gurbannazarowa aldy. Açyk toparda
Rauf Ýusupow ýeňiji boldy. Ikinji orny Jennet Ýalkanowa, üçünji orny Daýanç
Öwezow aldy.
Ikinji
ligadan başga-da, şu ýyl her welaýat merkezinde ilkinji gezek «Gran Pri»
ýaryşlary-da başlandy, bu bolsa küştçülere diňe bir öz welaýatyňdan çykman,
oýun endikleriňi artdyrmak däl, eýsem, gös-göni Türkmenistan çempionlygynyň
ýokary ligasyna girmek mümkinçiligini-de berýär.
«Häzirki wagtda welaýatlarda küşt oýnunyň höwesjeňleriniň – tälimçileriň, eminleriň we, hatda sebitlerde şular ýaly möhüm ýaryşlary guramaga ýardam edýän janköýerleriň bolmagy gaty begendirýär» diýip, baýrak gowşuryş dabarasynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýew aýtdy.